- änewüç
- Halynyň gyrasyna sanjylyp çekdirilýän, ujy gaňyrçakly, bir tarapy burlan enjam.∙ Waheý, keýigim, dokmanyň änewüji gowşapdyr. («Sowet Türkmenistanyň Aýalary» žurnaly)∙ Ondan soň dartysyny aňryk itekläp, basyrygyny çykardy, änewüjini sazlady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, ç sesi j sesine öwrülýär.Meselem änewüç - änewüji.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.